Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri bilelikdäki iri taslamalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdylar

14:2014.01.2021
0
18700

Şu gün, 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda Akina – Andhoý beketleriniň aralygyndaky demir ýolunyň, Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr akymlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Kerki şäherinden Owganystanyň Şibergan şäherine çenli elektrik geçrijisiniň işe girizilmegi mynasybetli dabaralary geçirildi.

Dabarany açyk diýip yglan etmek bilen, çäräniň alyp baryjylary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowdan hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiden bu dabaralar mynasybetli çykyş etmegi haýyş etdiler. Onuň üçin teleköpri gurnaldy.

Ilki bilen gatnaşyjylara ýüzlenip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi. Onuň çykyşyny Lebap welaýatynyň “Ruhyýet” köşgündäki gatnaşyjylar diňledi. Owganystandan gatnaşýanlar, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Mary welaýatyndan gatnaşyjylar teleköpri arkaly dabara tomaşa etdiler.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti “gysga möhletlerde amala aşyrylan bu üç taslamalar umumy maksada – biziň ýurtlarymyzyň uzakmöhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge we bu ösüşi üpjün etmäge, türkmen we owgan halklarynyň gülläp ösmegine we abadançylygyna, giň halkara hyzmatdaşlygyna, özara düşünişmäge, syýasy we durmuş taýdan durnukly ösüşe ýardam etmäge niýetlenendir” diýip nygtady. Ol şeýle hem, bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň köp ýyllyk ýakyn hem-de sazlaşykly türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň oňyn netijesi bolup durýandygyny belläp geçdi.

Soňra dabara gatnaşyjylara ýüzlenip Kabul şäherindäki Prezident köşgünden baglanan Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani çykyş etdi. Ýygnanalara gyzgyn salamyny ýetirmek bilen, ol Owganystan we onuň halky üçin bu çäreleriň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belläp geçdi. Bu desgalaryň taryhy barada gürrüň berip, Owganystanyň baştutany olaryň diňe ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegi nukdaýnazaryndan däl-de, eýsem sebit ykdysadyýetiniň integrasiýasynyň berkidilmegi babatynda hem aýratyn ähmiýetli bolup durýandygyny nygtady. Owganystanyň Prezidenti Türkmenistanyň ýolbaşçysyna dostluk goldawy hem-de ýakyn goňşusyna bildirilýän aladalary üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol Türkmenistanyň diňe sebitiň ýurtlaryny däl-de, eýsem dünýäniň ýurtlaryny hem birleşdirýändigi barada belläp geçdi. Çärä gatnaşyjylar Owganystanyň Prezidentiniň çykyşyny teleköpri arkaly diňlediler.

Soňra Türkmenistanyň we Owganystanyň demir ýol ulaglary, energetika we aragatnaşyk düzümleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Çärä gatnaşyjylara häzirki zaman infrastrukturalary durmuşa geçirmek babatynda Türkmenistan we Owganystan tarapyndan alnyp barlan uly möçberli işler barada aýdyp, olar Akina-Andhoý demir ýolunyň, Ymamnazar–Akina hem-de Serhetabat–Turgundy halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr akymlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Kerki şäherinden Owganystanyň Şibergan şäherine çenli elektrik geçirijisiniň işe girizilmäge taýýardygy barada hasabat berdiler.

Çykyşlaryň ahyrynda, çäräni alyp baryjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowdan we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiden Akina-Andhoý demir ýolunyň açylmagyna ak patalaryny bermeklerini haýyş etdiler.

Şeýlelikde, çärä gatnaşyjylar teleköpri arkaly Akina bekedinden 20 sany dürli ýüklerden düzülen ýük kerweniniň Andhoý şäherine dabaraly ýagdaýda ugramagyna tomaşa etdiler.

Mundan başga-da, Kerki elektrik bekedinden Şibergan şäherine çenli elektrik geçirijisiniň dabaraly ýagdaýda dolandyryjy enjam arkaly işe girizildi. Çärä gatnaşyjylar monitorda elektrik geçirijisine güýjenmäniň berilmeginiň tehnologiki görnüşini (wideoşekil) synladylar.

Şeýle hem dabara gatnaşyjylar Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) ugry boýunça halkara üstaşyr akymlaryny geçirmek üçin optiki süýümli birikmeleriniň dabaraly ýagdaýda dolandyryjy enjam arkaly işe girizilmeginiň wideoşekillerini synladylar.

Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentlerine bu çärä gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk sözleri aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň