Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Konstantinos Tasulasa Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Konstantinos Tasulasa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Gresiýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.