Soňky habarlar

Arhiw

Uelsiň futbol ýygyndysy Dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy

08:0006.06.2022
1
4090

Uelsiň ýygyndysy Katarda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar.

Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň pleý-off oýnunda Rob Peýjanyň topary Andreý Ýarmolenkonyň awtogoly (1:0) sebäpli, Ukrainany utdy we ýaryşyň finalyna çykdy.

Dünýä çempionaty şu ýylyň 21-nji noýabryndan 18-nji dekabry aralygynda Katarda geçiriler. Uelsiň milli ýygyndysy B toparçada Angliýa, ABŞ we Eýran bilen bäsleşer.

Şeýlelik bilen, ukrainler 4-nji gezek dünýä çempionatyna gatnaşmaz.

2010-njy we 2014-nji ýyllaryň final ýaryşlaryndan öň Ukraina pleý-off oýunlarynda utuldy we 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatyndan ozal toparçadan çykyp bilmedi

Ukraina dünýä çempionatynda bir gezek oýnady — 2006-njy ýylda topar 1/4 finala çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň