Soňky habarlar

Arhiw

Lebaply telekeçileriň 2022-nji ýylyň 5 aýynda harytlarynyň eksportundan alan girdejileri belli boldy

21:1705.06.2022
0
15085

Lebap welaýatynyň telekeçileri 2022-nji ýylyň 5 aýynyň dowamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen möçberi 2 million 162 müň dollara golaý söwda etdiler.

Jeyhun.news web saýtynyň habar berşi ýaly, lebaply telekeçiler önümlerini Özbegistan, Owganystan, Hytaý, Dubaý, Türkiýe, Belarus hem-de Azerbaýjan ýurtlaryna eksport etdiler.

Adatça, häzirki wagtda hem eksport satuwlarynyň başyny izogam, suwuk bitum mastikasy, suwuk senagat garyndysy, akkumulýatorlar, mebel we mata pagtasy, ýerli önümçilige degişli bolan polipropilen haltalary ýaly önümler çekýär.

Mundan öň hem bu babatda Lebap welaýatynyň telekeçileriniň 2022-nji ýylyň başyndan bäri möçberi 731 müň dollara barabar bolan önümleri eksport edendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň