Soňky habarlar

Arhiw

«Han ýassyk» internet dükany öýleri gündogar äheňinde bezemäge ýardam berýär

10:5504.06.2022
0
5305

«Han ýassyk» onlaýn dükany öýleri «Müň bir gije» ertekilerindäki ýaly täsin hem-de jadyly dünýäni ýada salýan gündogar äheňinde bezemäge çagyrýar.

Internet dükanyň alyjylarynyň arasynda kilim halyçalary ýaly dokma önümlerine uly isleg bildirilýar. Bu önümler az ýer tutýanlygy we arassalamak hem-de ýuwmak üçin ýeňilligi bilen tapawutlanýar.

Bu kilimler islendik ýerde — öýlere, tapçanlara ýazmaga, arassa tebigata dynç alyşa ýanyň bilen alyp gitmäge-de örän oňaýlydyr. Dükanda kilimleriň iki görnüşi — türkmen milli gölleri bilen bezelip matadan dokalan hem-de plastik görnüşde alyjylara ýetirilýär.

Mundan başga-da, dükanda öýleri gündogar stilinde bezemek üçin dürli ýassyk görnüşleri, arap majlisleri (diwanlar), düşekçeler we beýleki haly önümleri hödürlenilýär. Bu dizaýn dynç alyş otaglarynda, myhman otaglarda, restoranlarda, şeýle-de türkmen milli ak öýlerinde giňden peýdalanylýar we gurşawyna ajaýyp gözellik berýär.

Şeýle-de «Han ýassyk» internet dükany harytlary diňe bir Türkmenistanyň islendik künjegine däl-de, eýsem, dünýäniň islendik ýurduna eltip bermek mümkinçiligini hem alyjylaryň dykgatyna ýetirýär.

Öýleri gündogar äheňinde bezemekde haly önümleriniň dürli görnüşlerini «Han ýassyk» dükanynyň sosial ulgamdaky hasabyndan ýa-da +99363 56 88 71 telefon belgisi arkaly habarlaşyp onlaýn sargyt edip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň