Soňky habarlar

Arhiw

Iri asteroid 6-njy iýunda Ýere golaý geler

11:3303.06.2022
0
4084
Iri asteroid 6-njy iýunda Ýere golaý geler
Surat: mir24.tv

NASA kosmos agentliginiň işgärleri Ýeriň töwereginde iri asman jisiminiň — asteroidiň peýda bolandygyny habar berdiler. Ol biziň planetamyza 6-njy iýunda iň ýakyn çäge geler diýip, Live Science habar berýär.

“2021 GT2” diýlip at berlen asteroid sagatda 26 müň kilometr tizlikde hereket edýär. Onuň göwrümi 37-83 metr diýlip bahalandyrylýar.

Bu asteroid Aten toparyna degişlidir, bu onuň Günüň daşyndan Ýere seredeniňde has golaý aýlanýandygyny aňladýar (doly aýlaw 342 güni alýar) we onuň orbitasy Ýeriňki bilen kesişýär. Astronomlar şeýle görnüşdäki asman jisimleriniň 1800 sanysyny açdylar.

Alymlar asteroidiň orbitasyny hasaplap, ol Ýerden 3,5 million kilometr uzaklykdan geçer diýen netijä geldiler. Onuň planeta indiki golaýlamasy 2034-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda bolar.

NASA kosmos edarasynyň hünärmenleri asteroidleriň hiç biriniň hem Zemine howp salmaýandygyny aýdýarlar. Bu barada MIR24 ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň