Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Kazan — Türkmenabat ugry boýunça amala aşyrjak uçar gatnawynyň awiapetekleriň ählisi satyldy

22:0002.06.2022
0
32225

Kazandan Türkmenabat şäherine göni howa gatnawyny amala aşyrýan «Türkmenistan» awiakompaniýasy 8-nji iýunda meýilleşdirilýän indiki uçuş üçin ähli awiapetekleri satdy. Degişli bildiris «Türkmenistan» awiakomapaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň resmi web sahypasynda çap edildi.

«Häzirki wagtda 8-nji iýunda boljak uçar gatnawy üçin awiapetekleriň ählisi satyldy. Indiki seneler üçin awiapetekleriň satuwy entek mälim däl. Uçuş wagty belle bolandan soň, senäniň sanawynda duranlaryň ählisi tölegiň bahasy we beýkeli maglumatlar barada habar bilen tanyş bolarlar. Düşünersiňiz diýip umyt edýäris» diýip, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň resmi web saýtynda berilýän habarda bellenilýär.

2022-nji ýylyň 8-nji iýunynda Kazandan Türkmenabada boljak uçar gatnawy üçin awiapetekleri satyn alan ýolagçylaryň 7-nji iýunda saglyk barlagyndan geçmek üçin Kazana gelmelidikleri ýatladylýar. Lukmançylyk barlagy respublikaň kliniki hassahanasynda geçiriler. Kazan şäheri, Orenburg köçesi, 138-nji jaý, B lukmançylyk binasy, 119-njy otag.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň