Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Talyp joşguny — 2022» festiwalyň birinji tapgyry geçirildi

13:4602.06.2022
0
5130

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda her ýyl ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Talyp joşguny – 2022» atly festiwaly geçirilýär.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web-saýtynyň habar bermegine görä, häzirki wagta çenli Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň her birinde çeper höwesjeňler toparlarynyň gatnaşmagynda döredijilik we zehin festiwalynyň birinji tapgyry geçirildi. Iň gowy döredijilik toparlary iýun aýynyň birinji on günlüginde döwlet derejesinde geçiriljek finalda çykyş etmäge hukuk gazanarlar.

Aýdym-saza, tansa, edebiýata, folklora höwesjeň ýaşlar üçin «Talyp joşguny» festiwaly zehinini we döredijilik ukybyny doly açmaga mümkinçilik berýän ylham baýramydygyny bellemek gerek.

Festiwala gatnaşýanlar 11 ugur boýunça öz başarnygyny we ussatlygyny görkezip bilerler.

«Talyp joşguny – 2022» atly talyplar festiwaly ýaşlaryň arasyndan döredijilige ukyply, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň başarnygyny ösdürmek, talyplaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmek, olaryň sungata höwesini ýokarlandyrmak, şeýle hem milli medeniýeti giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň