Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär

09:3701.06.2022
0
9123

Şu gün dünýä jemgyýetçiligi Ýer ýüzüniň çagalarynyň meselelerine adamlaryň ünsüni çekmek maksady bilen 1949-njy ýylda döredilen Çagalary goramagyň halkara gününi giňden belläp geçýär.

Türkmenistanda bu baýramçylyk mynasybetli döwlet hem-de jemgyýetçilik edaralary tarapyndan ýylyň-ýylyna dürli gyzykly çäreler guralýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Çagalar gaznasynyň ýolbaşçysy Aýlar Orazsähedowa baýramçylyk mynasybetli şu ýyl gazna tarapyndan çagalar üçin geçirilen çäreler dogrusynda gürrüň berdi.

Ýöriteleşdirilen mekdep-internatlarynyň okuwçylarynyň arasynda çagalaryň surat bäsleşigi geçirildi. Şeýle-de çagalaryň we ýetginjekleriň gatnaşmagynda «Çagalar — durmuşyň gülleri» atly tans-festiwaly geçirilip, onda tansçy çagalar öz başarnyklaryny ýüze çykardylar.

«Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähinde bolsa her ýylda däp bolşy ýaly paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary, köp çagaly maşgalalar, ýöriteleşdirilen mekdep-internatlarynyň okuwçylary, ýagdaýy pes bolan maşgalalar, şeýle-de Çagalar gaznasynyň ýörite hasabynda duran çagalar üçin gyzykly çäreleriň köp sanlysy guraldy.

Şunuň bilen birlikde, şu gün Aşgabat şäheriniň saglyk edaralarynda 1-nji iýunda çagalary bolan aýallara baýramçylyk sowgatlary gowşurylýar.

Çagalar gaznasy tarapyndan geçirilýän çärelerden başga hem Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan multfilmleriň festiwaly geçirilýär.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilligi Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde bu baýramçylyk mynasybetli Aşgabadyň we welaýatlaryň mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Meniň gahrymanym kim?» atly surat bäsleşigini geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň