TMÝG-nyň Çagalar gaznasy surat bäsleşigini geçirdi

17:5128.05.2022
0
2884
TMÝG-nyň Çagalar gaznasy surat bäsleşigini geçirdi

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Çagalar gaznasy tarapyndan ýöriteleşdirilen we kömekçi mekdep internatlarynda bilim alýan çagalaryň arasynda surat bäsleşigi geçirildi.

Iki ýaş toparynda geçirilen bäsleşige 8 ― 16 ýaş aralygyndaky çagalardan surat eserleriniň 50-den gowragy ugradyldy. Olaryň iň gowularyna Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň