Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ÝUNISEF-iň «Meniň gahrymanym kim?» atly surat bäsleşiginiň jemleri jemlendi

18:0431.05.2022
0
5742

Türkmenistanda Çagalaryň halkara güni mynasybetli ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilliginiň Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň orta mekdepleriniň arasynda geçiren surat çekmek bäsleşiginiň jemleri yglan edildi.

Guramaçylaryň bellemegine görä, «Meniň gahrymanym kim?» atly bäsleşige ýurduň ähli ýerlerinden çagalar 300-den gowrak plakatlary hödürlediler.

«Bäsleşik her bir adamyň kimdir biriniň gahrymany bolup bilýändigini aýdyň görkezýär. Bäsleşigiň netijelerini jemlemek örän kyn bolsa-da, saýlaw komissiýasynyň çykaran netijelerine laýyklykda, 7 sany okuw edarasy ýeňiji hökmünde saýlandy» – diýlip, BMG-niň Çagalar gaznasynyň metbugat beýanatynda bellenilýär.

Bellesek, ýeňijileri sylaglamak dabarasy 1-nji iýunda bolar. Bäsleşigiň ýeňijileriniň sanawy hem-de suratlaryň ähli galereýasy bilen şu salgylanmadan tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň