Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwletliler köşgüne bardy

12:4431.05.2022
0
3907

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherindäki Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüne bardy.

«Нейтральный Туркменистан» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleri Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady we olara ýadygärlik sowgatlary berdi. Kiçi ýaşly okuwçylara dürli görnüşdäki oýunjaklar, gurjaklar, oýnawaç awtoulaglar berildi. Uly ýaşly mekdep okuwçylaryna bolsa «iPad» sowgat berildi. Mundan başga-da, Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ähli ýaşdaky çagalara tomusky sport lybaslary hem sowgat berildi.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar dürli bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Bu ýerde hereket edýän «Joşgun» aýdym-saz we tans topary döwlet Baştutanyny ajaýyp aýdylardyr şirin sazlar, şeýle-de tansly çykyşlar bilen garşyladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň