Turkmenportal logo
31.05.22
1556515565
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» bankynda welaýatlarda metjitleriň gurluşygyna haýyr-sahawat ýardamy üçin hasap açyldy
«Türkmenistan» bankynda welaýatlarda metjitleriň gurluşygyna haýyr-sahawat ýardamy üçin hasap açyldy

Welaýatlarda metjitleriň gurluşyklaryna haýyr-sahawat ýardamyny etmäge isleg bildirýän taraplar üçin «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynda ýörite hasap açyldy. Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetine salgylanýan bildiriş «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda neşir edildi.


Ýatlatsak, täze metjitleri Ahal, Balkan, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň Änew, Hazar we Şatlyk şäherlerinde hem-de Ruhubelent, Döwletli etraplarynda gurmak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň ilatynyň aglaba bölegi — 90%-i yslam dinine uýýar. Öň, metjitler ähli welaýatlaryň merkezlerinde gurlupdy.


Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň ýörite haýyr-sahawat hasaby


Milli walýutada
Hasap: 23205934150658600031001
Salgyt kody: 102201002443
MFO: 390101506
Korrespondent hasaby: 21101934110100900009000


ABŞ-nyň dollarynda
Hasap: 23205840150658200282001
Salgyt kody: 102201002443
MFO: 390101506
Korrespondent hasaby: 21101934110100900009000


Ýewroda (EUR)
Hasap: 23205978150658800282001
Salgyt kody: 102201002443
MFO: 390101506
Korrespondent hasaby: 21101934110100900009000
________________________________________
Habarlaşmak üçin telefonlar: +99312270657