Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, öňde boljak şanly senelere ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri döwlet Baştutanyna hasabat berdiler. Olar şu günler welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna guramaçylykly girişmek, şol bir wagtyň özünde gowaça agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini geçirmek we sebitiň durmuş düzümini kämilleşdirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işlerler barada hasabat berdiler.
Mundan başga-da, häkimler ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümleriň bolçulygyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdiler. Pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.
Şeýle hem häkimler welaýatda Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalaryň hem-de beýleki inženerçilik ulgamyna degişli desgalaryň gurluşyklarynyň depginini güýçlendirmek we olary bellenilen möhletinde tamamlamak ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada aýtdylar.
Öňde boljak şanly senelere medeni-köpçülikleýin çäreleri taýýarlamak barada maglumat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, gallaçy daýhanlaryň durmuşynda möhüm möwsüm bolan galla oragyna guramaçylykly girişmek we ony ýokary hilli hem-de gysga wagtda tamamlamak ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde gowaça ideg etmek, zyýankeşleriň we keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak meselelerine agrotehniki kadalara laýyklykda çemeleşilmelidir.
Döwlet Baştutany sebitleriň ýeralma, gök we bakja ekinleri ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň kepilidigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýola goýmak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem welaýatlarda pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemegiň hem-de bu babatda bellenen şertnamalaýyn borçnamany doly berjaý etmegiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.
Hormatly Prezident häzirki döwürde sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini aýdyp, şu ýyl welaýatlarda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklarynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigine we olaryň bellenen möhletinde ulanmaga berilmelidigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneler, şol sanda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew şu günler ýurduň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriň derejesi, gowaça ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleri we ýazlyk ýeralmadan, gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak ugrunda amala aşyrylýan hemmetaraplaýyn tagallalar barada hasabat berdi.
Şeýle hem wise-premýer şu günler dowam edýän pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemek maksady bilen, Ahal we Balkan welaýatlarynda bu işleriň bellenilen möhletlere laýyklykda dowam edýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidenti hasabaty diňläp, oba hojalygynda möhüm möwsüm hasaplanylýan galla oragyna guramaçylykly girişmek, möwsümi ýokary derejede hem-de bellenilen möhletde geçirmek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.