Soňky habarlar

Arhiw

Ançelotti Çempionlar ligasynyň kubogyny iň köp gazanan tälimçi boldy

16:0829.05.2022
0
3661
Ançelotti Çempionlar ligasynyň kubogyny iň köp gazanan tälimçi boldy
Surat: sports.ru

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 2021/2022-nji ýyl möwsüminiň final duşuşygy Madridiň «Realynyň» tälimçisi Karlo Ançelotti üçin täze özboluşly rekordy bagyş etdi. Tälim berýän toparynyň mynasyp bolan arzyly baýragy Ançelottiniň tälimçi hökmünde bu ugurda gazanan 4-nji kubogy bolup, ol futbolyň taryhynda tälimçileriň görkezen netijeleriniň içinde iň tapawutlysyna öwrüldi.

Ançelotti mundan öň UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň kubogyna 2003-nji hem-de 2007-nji ýyllarda «Milan» topary bilen, şeýle-de 2014-nji ýylda Madridiň «Realy» bilen eýe bolupdy. Bu baýragy üç gezek gazanan tälimçiler bolsa Zinedin Zidan bilen Bob Peýslidir.

62 ýaşly italiýaly tälimçi 2021-nji ýylyň tomsundan bäri Madridiň «Real» toparyna tälim berýär. Onuň şägirtliginde topar Ispaniýanyň futbol ligasynyň 2021/2022-nji möwsüminde ýeňiş gazandy. Karlo Ançelottiniň Ýewropanyň esasy bäş futbol ligasynda toparyny ýeňşe ýetiren ilkinji tälimçidigini hem bellemek gerek.

Madridiň «Real» topary bilen «Liwerpulyň» arasynda geçen UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 2021/2022-nji ýyl möwsüminiň final duşuşygynyň 1:0 hasabynda «Realyň» ýeňşi bilen tamamlanandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň