Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýyldyz aýdymçylarynyň wideoklipleri Seulyň merkezindäki media ekeranda görkeziler

12:3928.05.2022
0
5495

Türkmenistanyň ýyldyz aýdymçylarynyň wideoklipleri 29-njy maýda Seulyň Banpo Hangang seýilgähinde media ekeranda görkeziler. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabara ýerli wagt bilen 20:45-de başlar.

Dabaranyň dowamynda Azat Dönmezowyň, Mähri Pirgulyýewanyň, Begmyrat Annamyradowyň, Gülşat Gurdowanyň, Züleýha Kakaýewanyň, Hemra Rejepowyň we beýleki aýdymçylaryň wideoklipleri media ekeranda görkeziler.

Salgysy: Seul, Seoço-gu, 40 Sinbanpo-ro 11-gil, Banpo Hangang seýilgähi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň