Arhiw

2022-nji ýylyň maý aýy soňky 19 ýylda iň salkyn maý aýy boldy

20:0726.05.2022
0
12046

Şu ýylyň maý aýy Aşgabatda soňky 19 ýylyň içinde iň salkyn maý aýy bolup biler. Galyberse-de, şu ýylyň maý aýy soňky 25 ýylda iň ygallysy boldy. Maý aýynyň 25-ine çenli ýagdaýa görä, Aşgabatda ygalyň 2 aýlyk möçberi düşdi. Bu barada meteojurnal.ru saýty habar berýär.

Şu gezekki ýaly salkyn howa türkmen paýtagtynda baryp 2022-2003-nji ýylyň maý aýlarynda bolupdy. Şonda howanyň temperaturasy +21,1 gradus boldy. Garaşylyşy ýaly, şu ýylda ortaça aýlyk temperatura +22,3/+23,3 gradus bolar.

Geçen ýylyň maý aýy Aşgabatda 1891-nji ýyldan bäri iň yssy maý aýy bolupdy. Geçen ýyl howanyň temperaturasy +27 gradus boldy. Bular ýaly gyzgynlyga şeýle hem 1961-nji hem-de 2014-nji ýyllarda-da gözegçilik edilipdi.

Munuň tersine, şu ýylyň aprel aýy 1891-nji ýyldan bäri iň yssy aprelleriň biri boldy. Şu aprelde kadadan aşa pes ygal düşdi diýip, çeşmeler belleýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň