26-njy maýyň ikinji ýarymynda we 27-nji maýa geçilýän gijede Türkmenistanyň käbir ýerlerinde güýçli ýeliň bolmagyna garaşylýar diýip, meteojurnal.ru saýty habar berýär.
- Ahal welaýatynda ýeliň tizligi sekuntda 14-19 metre çenli;
- Mary welaýatynda ýeliň tizligi sekuntda 13-18 metre çenli;
- Lebap welaýatynda ýeliň tizligi sekuntda 14-19 metre çenli;
Şeýle-de käbir ýerlerde uly bolmadyk çygly ýeliň bolmagyna garaşylýar.
Ýurduň bütin çägi boýunça käbir ýerlerde ýagşyň ýagmagy mümkin. Köpetdagyň çäklerine bolsa güýçli ýagşyň ýagmak ähtimallygy bar.