Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanda müňden gowrak okuwçy dombrada saz çaldy

16:0426.05.2022
0
600
Gazagystanda müňden gowrak okuwçy dombrada saz çaldy
Surat: assembly.kz

Gazagystandan Ginnesiň rekordlar kitabynyň sanawyna girmek barada ýüztutma gelip gowuşdy, ýagny ýurduň bir müňden gowrak mekdep okuwçysynyň ýerine ýetirmeginde milli dombra saz guralynda saz eseri ýerine ýetirildi.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň talaplaryna laýyklykda, saz sapagyna ýörite topar syn etdi.

Dombrada şeýle köpçülkleýin saz çalmak ilkinji gezekdir. Şonuň bilen ýurduň “Nazarbaýewiň intellektual mekdepleri” ulgamynda okuw ýyly tamamlandy diýip, MIR24 ýazýar.

Dombra Gazagystanyň milli nyşany hasaplanýar. Her ýyl iýulyň birinji ýekşenbesinde Dombranyň güni baýram edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň