Türkmenistanda güýçli ýeliň bolmagyna we ýagşyň ýagmagyna garaşylýar

15:2926.05.2022
0
87809

26-njy maýyň ikinji ýarymynda we 27-nji maýa geçilýän gijede Türkmenistanyň käbir ýerlerinde güýçli ýeliň bolmagyna garaşylýar diýip, meteojurnal.ru saýty habar berýär.

  • Ahal welaýatynda ýeliň tizligi sekuntda 14-19 metre çenli;
  • Mary welaýatynda ýeliň tizligi sekuntda 13-18 metre çenli;
  • Lebap welaýatynda ýeliň tizligi sekuntda 14-19 metre çenli;

Şeýle-de käbir ýerlerde uly bolmadyk çygly ýeliň bolmagyna garaşylýar.

Ýurduň bütin çägi boýunça käbir ýerlerde ýagşyň ýagmagy mümkin. Köpetdagyň çäklerine bolsa güýçli ýagşyň ýagmak ähtimallygy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň