Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky BMGÖM «Ýeke-täk Ýer» atly fotosurat bäsleşigini yglan etdi

09:5026.05.2022
0
7265

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy her ýylyň 5-nji iýunynda giňden bellenilip geçilýän Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli «Ýeke-täk Ýer» («Только одна Земля») atly fotobäsleşik yglan etdi.

Bu fotobäsleşige Türkmenistanyň 15 — 24 ýaş aralygyndaky raýatlary gatnaşyp bilerler. Şeýle-de ýaryşa tejribeli fotožurnalistlerden başga adamlaryň gatnaşmagy nazarda tutulýar.

Gatnaşyjylar bäsleşikde türkmen tebigatyny görkezýän ýa-da ynsanyň daşky gurşawa oňyn täsirini alamatlandyrýan 1-2 sany suraty iberip bilerler. Fotosuratlar diňe Türkmenistanda düşürilen bolmalydyr we awtor suratlara 2-3 sözlemden ybarat gysgaça beýan ýazmalydyr.

Fotosuratlara bildirilýän talaplar:

  • Suratlar gatnaşyjynyň özi tarapyndan düşürilen bolmalydyr (plagiat suratlara rugsat berilmeýär);
  • Suratlar JPEG formatynda we ýokary hilli bolmalydyr (640x320 ýa-da ondan hem ýokary);
  • Suratlary ibermekde olaryň BMGÖM tarapyndan ulanylmagyny awtomatik tassyklaýandyr.

Fotosuratlary 3-nji iýuna çenli undptm@gmail.com elektron salgysyna ibermeli.

Bäsleşige gatnaşyjy tanyşdyryş hatynda adyny we ýaşyny, fotosuratyň nirede we haçan düşürilendigini hem-de olara 2-3 sözlemde gysgaça beýan ýazmalydyr.

Fotosuratlaryň bäsleşiginde ýeňiji bolan gatnaşyjylar Türkmenistandaky BMGÖM tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary bilen sylaglanarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň