Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Soňky jaň» dabaralary geçirildi

21:3425.05.2022
0
14834

Şu gün Türkmenistanyň ähli künjeklerindäki umumybilim berýän orta mekdeplerde 2021-2022-nji okuw ýylynyň «Soňky jaň» dabaralary geçirildi. Dabaralarda mekdep durmuşyndan durmuş mekdebine gadam basýan ýaşlara ak ýol arzuw edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Aşgabatda geçirilen «Soňky jaň» dabaralarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň orta mekdepleriň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagy okaldy.

Üstünlikli jemlenen okuw ýylynda Aşgabat şäherindäki orta mekdepleriň uçurymlary bolan ýaşlaryň müňlerçesi durmuş mekdebine sary ilkinji ädimi ätdiler. Şu okuw ýylynda ýaşlarymyzdan Ahal welaýaty boýunça 9 müň 916-sy, Balkan welaýaty boýunça 6 müň 989-sy, Daşoguz welaýatyndan 17 müň 718-si, Lebap welaýatyndan 19 müň 400-e golaýy, şeýle-de Mary welaýaty boýunça 18 müň 403-si uçurym bolup, bilim-terbiýe alan ak mekdepleri bilen hoşlaşýarlar.

«Soňky jaň» dabaralary Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde-de uly ruhubelentlikde geçirildi. Aýdym-sazly dabaralaryň dowamynda okuwlaryny üstünlikli tamamlan göreldeli uçurymlara Bilim ministrligi tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň