Soňky habarlar

Arhiw

“Ýyldyzlar urşy” filmi üçin kosmos gämilerini oýlap tapyjy aradan çykdy

15:2324.05.2022
0
840
“Ýyldyzlar urşy” filmi üçin kosmos gämilerini oýlap tapyjy aradan çykdy
Surat: championat.com

“Ýyldyzlar urşy” ("Звездные войны") filmler tapgyry üçin kosmos gämilerini oýlap tapyjy suratkeş-taslamaçy Kolin Kantuell 90 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada BBC habarlar gullugy habar berdi diýip, “Belta.by” ýazýar.

Kantuell fantastiki fimlerde görkezilýän kosmos harby uçarlarydyr gämileri oýlap tapyjy hökmünde giňden bellidir. Ol şeýle-de Stenli Kubrigiň 1968-nji ýyldaky “2001: kosmos odisseýasy” ("2001: Космическая одиссея") atly ylmy-fantastiki filmi üçin ýörite fotografiki effektleri oýlap tapdy, Stiwen Spilbergiň “Üçünji derejeli ýakyn gatnaşyklar” ("Близкие контакты третьей степени") filmi üçin tehniki gepleşikleri ýazdy, birnäçe kompýuter oýunlarynyň bezegi babatda geňeşçi boldy. Ol mundan başga-da ýazyjydy hem-de iki sany ylmy-fantastiki roman ýazdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň