«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçar gatnawlaryny bölekleýin dikelder

11:3924.05.2022
2
107907

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 30-njy maýdan Dubaýa (BAE), 1-nji iýundan Kazana (Russiýa) yzygiderli howa gatnawlaryny dowam etdirer. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan «Turkmenportal» web saýtymyzyň habarçylaryna habar berildi.

Aşgabatdan Birleşen Arap Emirliklerine halkara ýolagçy uçary her hepdäniň duşenbe güni ýerli wagt bilen 12:20-da ýola düşer. Kazana bolsa uçar gatnawy her hepdäniň çarşenbe güni ýerli wagt bilen 14:55-de Aşgabatdan ugrar.

Türkmenistandan Dubaýa bir taraplaýyn gatnaw üçin awiapetegiň bahasy 6700 manat, Kazana bolsa 8020 manat. Töleg milli walýutada kabul edilýär.

Has giňişleýin maglumatlary almak üçin şu telefon belgileri bilen habarlaşyp bilersiňiz: +99312391717; +99312391720; 085.

Daşary ýurt raýatlarynyň Kazana we Dubaýa uçup barýarka, uçuşdan 48 sagat öň COVID-19 üçin PCR synagyndan geçmelidigini bellemelidiris.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
rahmatovadinara ( 24.05.2022 )

Здравствуйте. К сожалению указанные в статье номера телефонов недоступны. А дополнительных вопросов очень много) Спасибо

1