Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda soňky 15 ýylda täze binalardyr desgalaryň 989-sy guruldy

10:3324.05.2022
0
1463
Türkmenistanda soňky 15 ýylda täze binalardyr desgalaryň 989-sy guruldy
Surat: "Türkmenistan" gazeti

Ilat arasynda «Oba milli maksatnamasy» diýip at alan «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasyna» laýyklykda, Türkmenistanda 2007-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen gurlanlary hem goşmak bilen, 2022-nji ýylyň 1-nji maýy ýagdaýyna ýurdumyzda 70 hassahana, 146 saglyk öýi, 258 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 251 sany umumybilim berýän orta mekdep, 76 medeniýet öýi, 115 sport mekdebi, 73 sport desgasy, Türkmenistan boýunça jemi 989 sany binalar we desgalar guruldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Ahal welaýatynda şu döwürde 15 hassahana, 38 saglyk öýi, 59 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 49 sany orta mekdep, 19 medeniýet öýi, 17 sport mekdebi, 12 sport desgasy, jemi 209 sany bina we desgalar guruldy.

Balkan welaýaty ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa senagat pudaklarynyň ösen sebitidir. Bu welaýatda ilatyň esasy bölegi şäher ýerlerinde ýaşaýar. Welaýatda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde hem Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly düýpli işler amala aşyryldy. Soňky on ýylyň içinde 11 hassahana, 18 saglyk öýi, 41 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 36 sany orta mekdep, 9 medeniýet öýi, 17 sany sport mekdebi, 8 sport desgasy guruldy, jemi 140 sany bina we desga guruldy.

Daşoguz welaýaty boýunça durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklary ilatyň sanyna laýyklykda ýokary derejelerde alnyp baryldy. Welaýatda Durnukly ösüş maksatlary babatynda toplumlaýyn işler doly güýjünde ýola goýuldy. Welaýatda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde 2022-nji ýylyň 1-nji maýy ýagdaýyna jemi 187 bina gurlup, şolaryň 14-si hassahana, 25-si saglyk öýi, 34-si mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 58-si orta mekdep, 14-si medeniýet öýi, 24-si sport mekdebi, 18-si bolsa sport desgalarydyr.

Lebap welaýaty senagat we infrastruktura pudaklarynyň ösen sebitidir. Welaýat boýunça şu döwürde 11 hassahana, 38 saglyk öýi, 68 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary, 40 sany orta mekdep, 17 medeniýet öýi, 32 sport mekdebi, 16 sport desgasy, jemi 222 sany durmuş-medeni maksatly binalar we desgalar guruldy.

Mary welaýatynda Oba milli maksatnamasy boýunça 231 sany durmuş-medeni maksatly desgalar we binalar guruldy. Olaryň 19-sy hassahana, 27-si saglyk öýi, 56-sy mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 68-si orta mekdep, 17-si medeniýet öýi, 25-si sport mekdebi, 19-sy sport desgasy bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň