Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça Mary welaýatynyň kubogy ugrundaky ýaryşda ýarym finalçylar belli boldy

12:3123.05.2022
0
2282

Futbol boýunça Mary welaýatynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň toparçalaýyn bäsleşigi tamamlanyp, onuň netijesinde ýarymfinalda çykyş etjek toparlar mälim boldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

“A” toparçada geçirilen duşuşyklaryň netijesinde “Merw” 9, Kuwwat bolsa 4 utuk topladylar. “B” toparçada bolsa “Energetik” 9 utuk toplap birinji orny eýelän bolsa, “Olimp” topary 6 utuk toplamagy başardy.

Şeýlelikde, 24-nji maýda Mary welaýatynyň köpugurly sport toplumynda geçiriljek duşuşykda “Merw” – “Olimp” bilen, 25-nji maýda geçiriljek duşuşykda bolsa “Energetik” – “Kuwwat” bilen güýç synanyşarlar. Ýarymfinal duşuşyklarynyň ikisi hem 18:00-da başlanar.

Kubok ugrundaky bäsleşigiň final duşuşygy 28-nji maýda geçiriler.

Mary welaýatynyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşigiň üçünji tapgyrynyň netijeleri:

«А» toparça
“Kuwwat” – “Murgap” – 12:1
Gollar: 4, 88 Kakadurdy Sapardurdyýew, 18 Döwran Alladurdyýew (öz derwezesine), 29 Hajy Orazow, 46 Ahmet Kulhanow, 58, 71, 77, 80, 83 Şöhrat Berkeliýew, 65, 85 Batyr Hekimow (“Kuwwat”) – 52 Arslan Agajanow (“Murgap”)

“Merw” – “Hereket” – 10:0
Gollar: 4, 9, 11 Alibek Abdurahmanow, 39 Begenç Alamow (11 m.j.u.), 44 Orazberdi Myradow, 48, 70 Toýly Goçnazarow, 49, 54 Nurmuhammet Allaýew, 77 Söhbet Allanurow (“Merw)”

«B» toparça
“Olimp” – “Ýolöten” – 4:0
Gollar: 15 Resul Öwezow, 30 Didar Muhammetberdiýew, 44 Röwşen Hümmedow (11 m.j.u.), 61 Rustam Matrizaýew (“Olimp”)

“Baýramaly” – “Energetik” – 1:6
Gollar: 36 Akmyrat Jumanazarow (“Baýramaly”) – 11 Guwanç Ýagmyrow (11 m.j.u.), 32, 43, 44 Perman Hallyýew, 34 Serdar Annamämmedow, 84 Rahmet Şermetow (“Energetik”).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň