Soňky habarlar

Arhiw

Bahreýniň futbol ýygyndysy Tailandda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer

14:5321.05.2022
0
3256

Bahreýniň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama duşuşyklarynyň öňüsyrasynda Tailandda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Bu barada News of Bahrain neşiri habar berýär.

Bahreýniň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Eliu Souza okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna we yklym ýaryşynyň saýlama tapgyryna 24 futbolçyny çagyrdy.

Bahreýniň ýygyndysy 24-nji we 31-nji maýda Tailandyň ýygyndysy bilen iki sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Olaryň ilkinjisi ýapyk derwezeleriň aňrysynda, ikinjisi bolsa Pathumthani prowinsiýasyndaky «Bi Ji» stadionynda geçiriler. 27-nji maýda Bahreýniň we Mýanmanyň ýygyndylarynyň arasynda hem ýoldaşlyk duşuşygy meýilleşdirilýär.

Behreýnli futbolçylaryň Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň ýygyndysy bilen bir toparçada ýaryşjakdygyny ýatladýarys. Şeýle hem «E» toparçada Malaýziýa bilen Bangladeşiň ýygyndylary hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň