Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

21:4920.05.2022
0
4950
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Aşgabada gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşykda şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýän iki ýurduň geçen ýyllaryň dowamynda nusgalyk döwletara hyzmatdaşlygyny ýola goýandygy nygtaldy. Söhbetdeşler özara gyzyklanmany nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygy bilen baglylykda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.

Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, senagat we oba hojalyk ulgamlary esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bu ulgamlardaky özara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, türkmen gazyny goňşy dostlukly ýurda ibermek boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Habar berlişi ýaly, umumy pikire görä, ýokary we hökümetara derejesinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi hem-de Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak toparynyň yzygiderli geçirilýän mejlisleri, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler hem-de guralýan giň gerimli medeni çärelere işjeň gatnaşylmagy ähli ugurlar boýunça türkmen-gazak gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam edýär.

Roman Sklýar Serdar Berdimuhamedowa deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegine öňdengörüjilikli çemeleşýändigi, sebit görnüşinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýändigi üçin hoşallyk bildirip, amala aşyrylan hem-de täze, bilelikdäki möhüm taslamalaryň ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de goňşy halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Gazagystan tarapy Türkmenistanyň çäginde galla saklamak üçin niýetlenen terminaly gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdi.

«Turkmenportalda» ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň fewral aýynda Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Aşgabada sapar bilen gelip, şol wagtky Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçiripdi.

Saparynyň dowamynda ýokary derejeli myhman şol wagt Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinde işleýän Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyp, türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň