Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

21:3612.02.2022
0
6816

Şu gün hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki döwletiň Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň yzygiderli häsiýete eýedigi hem-de onuň iki halkyň däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna itergi berýändigi bellenilip geçildi. Şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň geçen ýyl Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda, esasan-da, ulag we aragatnaşyk, energetika, oba hojalygy we senagat önümleri pudaklarynda strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, geçen ýyl ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende iki esse ýokarlanandygy we mundan beýläk hem ösmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Bu nukdaýnazardan maýa goýum işjeňligini höweslendirmek we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ýakyn aragatnaşygy ýola goýmak nygtaldy.

Hökümetara Türkmen-gazak toparynyň ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça döwletara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemekdäki işiniň ähmiýeti beýan edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti we gazak wekili duşuşygyň dowamynda belleýşi ýaly, iki dostlukly dogan halklaryň bähbidi üçin türkmen-gazak gatnaşyklarynyň geljekde hem üstünlikli ösjekdigine ynam bildirdiler.

Habar berşimiz ýaly, gazagystanly ýokary derejeli myhman saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary S.Berdimuhamedow we Ş.Abdrahmanow, şeýle-de Mary welaýatynyň häkimi bilen duşuşyklary geçirdi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň