Gurbanguly Berdimuhamedowy Mintimer Şaýmiýew kabul etdi

19:3419.05.2022
0
891
Gurbanguly Berdimuhamedowy Mintimer Şaýmiýew kabul etdi
surat: tatarystan.president.ru

Şu gün Kazanda saparda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi, Respublikan Galkynyş gaznasynyň başlygy Mintimer Şaýimiýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Mintimer Şaýimiýew Gurbanguly Berdimuhamedowa taryhy we medeni mirasy gorap saklamak boýunça Respublikan Galkynyş gaznasynyň alyp barýan işleri baradaky ekspozisiýalar bilen tanyşdyrdy. Respublikanyň käbir taryhy ýerlerini täzeden dikeltmek üçin gaznanyň durmuşa geçiren taslamalary, şeýle-de täze başlangyçlary barada gürrüň berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Mintimer Şaýimiýew we Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda medeniýet, bilim, taryh we medeni miras ugrundaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň