Soňky habarlar

Arhiw

Amerikaly 50 ýyllap her gün burger iýipdir

17:2619.05.2022
0
1340
Amerikaly 50 ýyllap her gün burger iýipdir
Surat: mir24.tv

ABŞ-nyň ýaşaýjysy öňňin, 17-nji maýda özboluşly ýubileýi toýlady: ol ýarym asyrlap her gün fast-fuddan edilen burgerleri iýipdir. Köplenç ol iki sany sendwiç iýen ekeni diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär.

Ýurduň Wiskonsin ştatynyň Fon-dýu-Lak diýen ýerinden bolan Donald Gorske 50 ýylyň içinde diňe sekiz güni burgersiz sypdyrandygyny boýun alyp, galan günleri garbanyşhana baryp, söýgüli tagamynyň lezzetini görendigini aýdýar.

Ol ýubileý senesini-de şol ýerde belledi, onuň portretini-de garbanyşhananyň görnükli ýerinde diwardan asdylar.

Amerikaly öz iýen burgerleri barada maglumatlary toplapdyr, olaryň töleg kagyzlarynydyr gaplaryny saklaýar. Ol şeýle-de öýünde dürli ýyllara degişli sendwiçleriň gaplaryny aýna witrinanyň aňyrsynda sergiläpdir. Bu barada MIR24 ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň