«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Ekerem» buraw işleri müdirliginiň buraw başlygy Röwşen Garaýewiň we buraw ussasy Öwez Gurbanowyň ýolbaşçylyk edýän burawlaýjylar topary Uzynada känindäki taslama çuňlugy 6750 metr bolan 77-nji guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, bu guýynyň 6692-6706 metr çuňlugyndan tebigy gazyň we nebit-kondensatynyň senagat akymyny aldylar.
«Nebit-gaz» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, täze guýuda bir gije-gündizde 91 müň kub metr tebigy gaz we 70 tonna nebit-kondensatynyň senagat akymyny almak mümkinçiligi bar.
Belläp geçsek, «Türkmenistanyň nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary 2022-nji ýylyň geçen 4 aýynda önümli guýylaryň jemi 10-sy nebitçilere ulanyşa berildi. Bu döwürde baýlyk gözleýjiler 52 müň 196 metr ýerasty çuňluk geçmegi başardylar.