Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

21:5117.05.2022
0
15715
Türkmenistanyň Prezidenti «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzir «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar topary Aşgabadyň günorta böleginde sil suwuny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrýar. Igor Bukato bu möhüm inžener-tehniki desgadaky işleriň barşy barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berip, holdingiň şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary boýunça pikir alşyldy. Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň innowasion ösüş ýoluna düşmek bilen, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna öňdebaryjy sanly tehnologiýalary we ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny işjeň ornaşdyrmaga, ugurdaş düzümleri düýpli döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Bu babatda Russiýanyň öňden bäri hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýlan esasy kompaniýalarynyň iň gowy tejribesini netijeli ulanmak üçin ähli mümkinçilikler bar.

Duşuşygyň ahyrynda işewür döwlet Baştutanyna netijeli we işjeň söhbetdeşlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň bildirilen ynama uly sarpa goýýandygyny hem-de üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň