Soňky habarlar

Arhiw

WhatsApp messenjeriniň bezegi täzelendi

15:0617.05.2022
0
674
WhatsApp messenjeriniň bezegi täzelendi
Surat: trend.az

WhatsApp sosial messenjeriniň tehniki igärleri onuň beta-nusgasynda täzelenmäni işe goýberdiler, olar, esasan, “status” döretmek menýusynyň dizaýnyna degişlidir diýip, “Gazeta.ru” ýazýar.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, ulgamyň 2.22.11.13 sanly düwmesindäki “Statuslaryň” smaýlikleriň, ýazgynyň, ýazgynyň şriftiniň we düşeginiň girizilýän ýeri ekranyň sag burçuna geçirilipdir, öň ol çepki aşak burçda ýerleşýärdi.

Şeýle-de ady tutulan status döretmek menýusyna gizlinlik üpjünçiligini çalt saýlamak mümkinçiligi hem goşulypdyr, ylanyjylar ol arkaly çap edilýän statusy kimiň görmelidigini saýlap bilerler.

Täze nusganyň haçan resmi ulanyşa goýberiljekdigi heniz belli däl diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň