Türkmenistan BAE-niň täze saýlanan Prezidentini gutlady

22:0815.05.2022
0
5125
Türkmenistan BAE-niň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mohammet bin Zaýed Al Nahaýýany Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlap, oňa tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

«Biz Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara bahar berýäris» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda belleýär. Mundan başga-da, döwlet Baştutany hatynyň dowamynda bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk hem ösdüriljekdine berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şeýh Mohammet bin Zaýed Al Nahaýýana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we ýokary döwlet wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

***

Şeýle-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mohammet bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Turkmenportal» web saýtymyzda ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly geçirilýän hatyra çärelerine gatnaşmak üçin Abu-Dabi şäherinde boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň