Soňky habarlar

Arhiw

Kamerunda uçar heläkçiligi boldy

17:1313.05.2022
0
1203
Kamerunda uçar heläkçiligi boldy
Surat: zamantimes.com

Kamerunyň merkezi böleginde uçar heläkçiliginde 11 adam pida boldy, bu barada ýerli CRTV teleýaýlymyna esaslanyp, RIA “Nowosti” habar berdi.

Awiadispetçerler howa gämisi bilen ýurduň paýtagty Ýaunde şäherinden demirgazyk-gündogarda 150 kilometrlikde aragatnaşygy ýitirdiler. Uçar Ýaunde-Nsimalenden Bangladeşiň Belabo şäherine ugur alypdyr.

Kamerunyň Ulaglar ministrliginiň wekili heläkçilige uçran uçardaky ýolagçylaryň hiç biriniň diri galmandygyny tassyklady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň