Soňky habarlar

Arhiw

«Güneşli zaman» ähli önümleri kepillendirilen mebel toplumlaryny öndürýär

10:1511.05.2022
0
2959
«Güneşli zaman» ähli önümleri kepillendirilen mebel toplumlaryny öndürýär

Ýaňy-ýakynda «Güneşli zaman» kärhanasynyň esasynda täze mebel önümçiligi ýola goýuldy. «Güneşli Zaman Mebel» önümçilik kärhanasynyň işini ýola goýmak bilen, ony esaslandyryjylar gozgalmaýan emläkleri satyn almak we satmak, öýleri we kottejleri Ýewropa standartlaryna laýyklykda bezemek we gurmak boýunça köp ýyllyk tejribä eýe bolup geldiler.

Kärhananyň hünärmenleri Güneşli Zaman Mebeliň işiniň üstünlik gazanmakdaky açaryny müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak hasap edýärler.

Kärhana bu ýerden bahasy 100 müň manatdan ýokary bolan mukdarda söwda edýän müşderilere dizaýnerlik oturgyjyny sowgat hökmünde berýär.

Halkara standartlaryna laýyk gelýän bu mebellere Güneşli Zaman Mebel 1 ýyllyk we ondan-da köp möhlet bilen kepillik berýär.

Mebel kärhanasy sargyt esasynda aýratyn mebel dizaýn taslamasyny durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlarynda müşderileri otagy ölçemekden başlap, eskiz taýýarlamak we garnitura gurnamak işlerine çenli tanyşdyrýan maslahatçy hünärmeni berkidýär.

Güneşli Zaman Mebel kaşaň mebel önümçiligi pudagynda ekologiýa taýdan arassa mebelleri öndürmäge ýöriteleşendir. Önümçilik üçin zerur bolan agaçlar, esbaplar we mebel matalary degişli önümçilik pudagynyň çig mallaryny we düzüm böleklerini üpjün ediji öňdebaryjy paýlaýjylardan satyn alynýar.

Sargyt etmek üçin kärhananyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän şu salgylaryna ýüz tutup bilersiňiz:

Aşgabat ş., 1953-nji köçe (Molodýožnaýa), 60-njy jaý; Bitarap Türkmenistan şaýoly, jaý 166/1, «Altyn Luw» binasy, 3-nji gat.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312 95 50 14;

IMO: +99365 44 60 31.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň