Arhiw

«Güneşli zaman» HK özbaşdak sargytlar boýunça mebel önümçiligine başlady

10:1205.05.2022
0
6999

Türkmenistanda gozgalmaýan emläkler we özbaşdak gurluşyk çygrynda iş alyp barýan kärhana hökmünde tanalýan «Güneşli zaman» hususy kärhanasy täze iş ugruna — özbaşdak sargytlar esasynda mebel önümçiligine başlady.

Indi türkmenistanlylar isleglerine laýyk gelýän görnüşde öý bezeglerini «Güneşli Zaman Mebeliň» öndürýän mebelleri bilen üpjün edip bilerler.

Ýörite niýetlenen sargyt esasynda mebelleri taýýarlamakda kärhana hoz, dub we beýleki berk hem-de ýokary hili üpjün edýän agaçlardan peýdalanýar. Bu ýerde mebeller üçin niýetlenen matalaryň köp dürli görnüşleri bolsa gelşikli we owadan mebelleri öndürmäge ýardam edýär.

Mebel önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda «Güneşli Zaman Mebeliň» hünärmenleri önümleriň ýokary hilli bolmagyna mümkinçilik berýän ähli tehniki şertlere we talaplara eýerýärler. Şunuň bilen birlikde, kärhananyň mebellerine 12 aýlyk we ondan-da köp möhlet bilen kepillik berýändigini bellemek gerek.

«Güneşli zaman» hususy kärhanasy 2013-nji ýyldan bäri Türkmenistanda raýatlara gozgalmaýan emläkler bilen bagly hyzmatlar çygrynda ähli hyzmatlary ýetirip gelýär. 2020-nji ýylda kärhana gurluşyk we özbaşdak ýaşaýyş jaýlarynyň we kottejleriň gurluşygyny alyp barmak bilen bagly bölümi döretmek kararyna geldi.

«Güneşli Zaman» kärhanasynyň esasy iş aýratynlygy onda tejribeli we bilimli hünärmenleriň işleýänligidir. Işleriň amal edilişi we ýetirilýän hyzmatlara şertnama esasynda gözegçilik edilýär.

Özbaşdak sargyt edilýän mebelleriň önümhanasy şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., 1953-nji köçe (Molodýožnaýa), 60-njy jaý;

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312 95 50 14;

IMO hasaby: +99365 44 60 31;

Kärhananyň esasy iş nokadynyň salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, jaý 166/1, «Altyn Luw» binasy, 3-nji gat.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň