Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan bilen hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň täze düzümini tassyklady

21:3010.05.2022
0
3381

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Resminamasyna laýyklykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, degişli Resminama, Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen gol çekildi.

Ozal habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy bu toparyň başlygy wezipesine belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň