«Mançester Siti» Holandyň topara transferini tassyklady

20:2910.05.2022
0
6180

«Mançester Siti» öz resmi saýtynda Dortmundyň «Borussiýasynyň» hüjümçisi Erling Holandyň ýakynda topara goşuljakdygy baradaky habarlary tassyklady.

Norwegiýaly futbolçy şu ýylyň 1-nji iýulyndan Hosep Gwardiolanyň şägirtleriniň hataryna goşular.

«Şäherliler» bir döwürde hüjümçini topara goşmak üçin «Real» bilen güýçli bäsdeşlige girdiler. Ýöne korollyk kluby Kilian Mbappeniň transferine aýratyn üns berdi. Şeýlelikde, norwegiýaly futbolçy «Mançester Sitä» geçdi.

Transfermarkt 21 ýaşly hüjümçä 150 million ýewro baha kesýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň