Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, Aşgabadyň kubogy: 1-nji tapgyryň eminleri belli boldy

14:2910.05.2022
0
1440

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün ― 10-njy maýda futbol boýunça Aşgabadyň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berilýär. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Eminler bölümi 1-nji tapgyryň duşuşyklaryna eminleri berkitdi.

Ýaryşyň açylyş duşuşyklary «Aşgabat» stadionynda geçiriler. Olarda «Altyn asyr» bilen «Aşgabat», «Ahal ― 2» bilen hem «Köpetdag» duşuşar.

Gündiz sagat 15:30-da başlanjak «Altyn asyr» ― «Aşgabat» duşuşygynyň baş emini Akmyrat Gurbanow bolar. Oňa meýdanyň iki gyrasynda Myrat Nurberdiýew bilen Akmyrat Jumaýew ýardam berer. TFF duşuşygyň ätiýaçdaky emini bolmagy Ýusup Jumamyradowa, gözegçi eminligini bolsa Şöhrat Durdyýewe ynandy.

Sagat 18:00-da başlanjak «Ahal ― 2» ― «Köpetdag» duşuşygynyň baş emini Jumamyrat Jumamyradow bolar. Eziz Ýazmyradow bilen Hanmyrat Kurbanow oňa meýdanyň iki gyrasyndan ýardam berer. Duşuşygyň ätiýaçdaky emini Ahmet Jumamyradow, gözegçi emini bolsa Maksat Seýitgulyýew bolar.

Ýeri gelende aýtsak, ýaryşyň bütin dowamynda ähli eminler aşgabatly hünärmenler bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň