Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça Aşgabat şäheriniň kubogy ugrunda ýaryş geçirilýär

11:1510.05.2022
0
5359

10-njy maýda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň we Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda toparlaryň dördüsiniň (“Altyn Asyr”, “Aşgabat”, “Köpetdag”, “Ahal II”) gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň Kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berler. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Paýtagtymyzda geçiriljek Kubok bäsleşiginiň ýeňijileri 18-nji maýda belli bolar.

Toparlar ilki bir aýlawda geçiriljek duşuşyklarda bäsleşerler. Onuň netijesinde ilkinji iki orny eýelän toparlar finalda, üçünji hem-de dördünji orunlary eýelän toparlar bolsa üçünji orun ugrunda geçiriljek duşuşykda güýç synanyşarlar.

Aşgabat şäheriniň Kubogy ugrundaky ýaryşyň geçiş tertibi:
I tapgyr (10.05.2022 ý.)
“Altyn Asyr” – “Aşgabat”
“Ahal II” – “Köpetdag”

II tapgyr (11.05.2022 ý.)
“Aşgabat” – “Köpetdag”
“Altyn Asyr” – “Ahal II”

III tapgyr (13.05.2022 ý.)
“Ahal II” – “Aşgabat”
“Köpetdag” “Altyn Asyr”

IV tapgyr (14.05.2022 ý.)
“Aşgabat” – “Altyn Asyr”
“Köpetdag” – “Ahal II”

V tapgyr (16.05.2022 ý.)
“Köpetdag” “Aşgabat”
“Ahal II” – “Altyn Asyr”

VI tapgyr (17.05.2022 ý.)
“Aşgabat” – “Ahal II”
“Altyn Asyr” – “Köpetdag”

3-nji orun ugrundaky duşuşyk (18.05.2022 ý.)
Final (18.05.2022 ý.)

Bellik: Kubok bäsleşiginiň duşuşyklary “Aşgabat” köpugurly hem-de Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky “Sport toplumy” stadionlarynda geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň