«Berk önüm» importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini artdyrmagy meýilleşdirýär

15:0109.05.2022
0
3357
«Berk önüm» importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini artdyrmagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda önümçiligiň özboluşly çygrynda iş alyp barýan kärhanalaryň hatarynda «Berk önüm» hususy kärhanasy hili kepillendirilýän önümleri bilen tapawutlanýar. Kärhana ýelmeşegen gatlakly polipropilen örtüklerini (skotç) öndürmek bilen meşgullanyp, bu ugurda eýýäm birnäçe ýyllyk tejribä eýedir.

«Berk önüm» hususy kärhanasynyň önümleri jemgyýetçilik durmuşynda giňden peýdalanylýan, aýratyn-da mekdep we ofis harytlarynyň içinde importyň ornuny tutýan önümler bolup, ýokary hil standartlaryna laýyklykda halk köpçüligine ýetirilýär.

Kärhana 2014-nji ýylyň 8-nji dekabrynda açylan gününden bäri, ýelmeşegen gatlakly polipropilen örtükleriň dürli ölçegdäki görnüşleriniň önümçiligini birnäçe tapgyrlarda kämilleşdirdi. Häzirki wagtda telekeçi Pälwan Babaýewiň esaslandyran, 15 sany taýýarlykly hünärmeniň zähmet çekýän kärhanasynyň önümleri daşary ýurtlarda öndürilýän şu görnüşdäki önümlerden hili babatda ýokary bolup, olara ilat arasynda uly isleg bildirilýär.

Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen, dünýä tejribesinde giňden peýdalanylýan tehnikalaryň ýardamy bilen önümçilik kärhanasynda ýylda 900 müňden gowrak ýelmeşegen gatlakly polipropilen örtükleri öndürilýär. Olar görnüş taýdan ini 12 millimetrden başlap, 500 millimetre çenli inlilikde, uzynlygy bolsa 5 metrden 500 metre çenli, şeýle-de galyňlygy 45-50 mikron aralygyndaky ölçegler boýunça bölünip, sany babatda isleglere we sargytlara görä ýygjamladylýar. Şunuň bilen birlikde, kärhananyň önümçiliginiň esasy bolan çig mal ýelimleriň düzüminiň 60%-ini eýeleýär.

«Berk önüm» hususy kärhanasynyň önümçilik maksatlary babatda aýdylanda, onuň skoç önümçiliginde ulanylýan akrillik ýelimini öndürmegi meýilleşdirýändigini bellemek bolar. Bu ýelimiň önümçiliginiň ýola goýulmagy bilen kärhananyň önümçilik kuwwaty we önümleriň yzygiderli öndürilýän ortaça mukdary iki esse artar. Ikinji bir tarapdan, täze öndürilmegi nazarda tutulýan önüm bahalaryň elýeterli bolmagyna mümkinçilik berer.

Ýelmeşegen gatlakly polipropilen örtüklerini içerki bazara ýetirip, bu ugurda import edilýän şu hili harytlar bilen bäsdeşlige eýe bolan «Bant» haryt nyşanly ýelim örtükleri käbir daşary ýurtlaryň hem bazarlarynda orun alýar. Bu günki günde türkmen ýelmeşegen gatlakly polipropilen örtüklerini Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Türkiýe ýaly ýurtlara eksport edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň