Soňky habarlar

Arhiw

AFK FIFA-nyň prezidentligine ýene Infantino hödürleýär

23:5707.05.2022
0
3409
AFK FIFA-nyň prezidentligine ýene Infantino hödürleýär

Aziýa Futbol konfederasiýasy FIFA-nyň prezidentiniň 2023-nji ýyldaky saýlawlarynda häzirki prezident Janni Infantinonyň dalaşgärligini goldady. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.

Ýakynda Janni Infantino bu wezipä ikinji gezek hem dalaşgärligini goýjakdygyny habar beripdi. AFK-nyň prezidenti Şeýh Salman bin Ibrahim Al-Halifa bu teklibi makullady. Bu barada ol şu gün AFK-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Duşenbe şäheriniň Hyatt Regency myhmanhanasynda geçirilen mejlisinde aýtdy.

52 ýaşly şweýsariýaly hünärmen bu gurama Ýozef Blatterden soň 2016-njy ýyldan bäri ýolbaşçylyk edip gelýär.

Täze prezidentiň saýlawlary 2023-nji ýylda guramanyň 73-nji gurultaýynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň