Türkmenistanyň Prezidenti tussaglykdan boşap gelen adamlaryň doly hasabyny ýöretmegi tabşyrdy

23:2705.05.2022
0
17961

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda içeri işler ministrine ýüzlenip içeri işler edaralarynda tussaglykdan boşap gelen adamlaryň doly hasabyny ýöretmegi tabşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutany tussaglykdan boşadylan adamlaryň jemgyýete goşulyp gitmegi, ýaşaýyş-durmuşyny ýola goýmagy üçin durmuş-ykdysady, terbiýeçilik, hukuk häsiýetli çäreleri geçirmek zerurdygyny belläp, içeri işler ministri M.Hydyrowa häkimlikler bilen bilelikde olara işe ýerleşmäge, durmuşa uýgunlaşmaga ýardam bermek boýunça ähli zerur işleri ýerine ýetirmegi tabşyrdy.

Belläp geçsek, azatlykdan mahrum edilen raýatlaryň günäsini geçip, tussaglykdan boşatmak Türkmenistanda 1999-njy ýyldan bäri amala aşyrylýar.Häzirki wagtda ýurtda raýatlaryň tussaglykdan boşadyp, olaryň günäsini geçmek ýylda 3-4 gezek geçirilýär. 2022-nji ýylyň aprelinde Oraza aýynyň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda 514 raýatyň günäsi geçilip, tussaglykdan boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň