Top.Mail.Ru

Türkmenistanda 514 raýat tussaglykdan boşadyldy

22:0022.04.2022
0
14015

Şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Gadyr gijesi mynasybetli 514 raýatyň günäsini geçmek baradaky resminama gol çekdi.

Döwlet Baştutany, ilki bilen, göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewiň hasabatyny diňledi. B.Gündogdyýew Topar tarapyndan jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 514 sany raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli tussaglykdan boşatmak baradaky Permana gol çekýändigini mälim etdi. Şeýle-de döwlet Baştutany, B.Gündogdyýewe ýüzlenip ýurduň hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň gysga döwürde öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri görmelidikleri barada degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň