«Türkmenistan» hem-de «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetleriniň şu günki, ýagny 2022-nji ýylyň 22-nji aprelindäki sanynda «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de ony rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi 16 sahypa möçberde goşundy görnüşinde neşir edildi.
Kanun 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girýär.