Güýçli suw joşgunlary Hindistanyň günortasyndaky Tamilnad ştatyny basdy, ol ýerde yzyny üzmän ýagan çabgalardan soňra dörän sil bendi ýykyp, ilatly ýerleri gark etdi. Onlarça obalar suwuň astynda galdy diýip, «MIR 24» ýazýar.
Tebigy betbagtçylykdan eýýäm 50 müň ýerli ýaşaýjy ejir çekdi. Aýratynam ştatyň paýtagty Çennai şäherine we 12 etraba sil joşgunlary ýitgi getirdi. Ulag hereketi bozuldy, elektik üpjünçiligi bes edildi.
Häkimiýetler ejir çeken etraplardan ýüzlerçe adamy göçürdiler. Halas ediş gulluklarynyň müňe golaý işgäri işe çekildi.
Ejir çeken etraplarda düýn dynç güni yglan edildi, döwlet edaralary ýapyldy. Has köp ejir çeken etraplarda kömek merkezleri guraldy.