Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýuridik şahslaryň Gün elektrik stansiýalarynda öndürilýän elektrik energiýasyndan peýdalanyp, kriptowalýuta almagyna rugsat berýän karara gol çekdi.
Täze karara laýyklykda, içerki we daşary ýurt kompaniýalarynyň wirtual walýutasy bilen amallaryň hemmesi girdeji salgydyndan boşadyldy.
3dnews saýtynyň habar bermegine görä, kriptowalýuta almak amallaryny ýola goýmak üçin kärhanalar Özbegistanyň kriptowalýuta dolanyşygyny düzgünleşdirýän öňdebaryjy taslamalar boýunça agentliginde hasaba alynmalydyr. Kriptowalýuta almak üçin elektrik aragatnaşygy ulanylan ýagdaýynda nyrhnamalar iki esse tölenmelidir.
Şeýle hem 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan kripto aktiwlerini satyn almak, satmak we alyş-çalyş etmek üçin ähli amallaryň diňe milli hyzmat üpjün edijileriniň üsti bilen amala aşyryljakdygy bellenilýär.