Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

21:4604.05.2022
0
6584

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar Tažibaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidente netijeli türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de döwlet Baştutanyna iň ýokary döwlet wezipesindäki işlerinde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe iň gowy arzuwlaryny beýan edip, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady.

Döwlet Baştutany öňden gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan hem-de özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilip, täze anyk many-mazmuna eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany hem-de Doly ygtyýarly wekil özara hormat goýmak we goldamak ýörelgeleri esasynda guralýan hem-de ägirt uly kuwwata eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem geçen ýylda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ýurdumyza bolan döwlet sapary mahalynda we iki ýurduň Liderleriniň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Üçünji konsultatiw duşuşygyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Döwlet Baştutany we diplomat ýurtlaryň özara ynanyşmak arkaly hyzmatdaşlyk ýoluna berk eýerýändiklerini kanagatlanma bilen belläp, däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn taýýardyklaryny beýan etdiler. Munuň özi bolsa dostlukly halklaryň has-da ýakynlaşmagyna ýardam eder.

Halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça çemeleşmeleriň we garaýyşlaryň ýakyndygynyň dürli derejede türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döredýändigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz diplomata iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegi ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ugrunda ähli zerur tagallalaryny we toplan tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň